Top.Mail.Ru

Türkmen we daşary ýurtly raýatlara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen at dakyldy

21:4020.04.2022
0
4305

«Turkmenportalda» habar berşimiz ýaly, şu gün «Oguzkent» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda döwlet Baştutany atçylygy ösdürmäge goşan saldamly goşantlaryny, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde hem-de olaryň tohum we önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda bitiren hyzmatlaryny, gazanan ýokary netijelerini, hünär ussatlyklaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, türkmen atşynaslaryna we assosiasiýanyň agzalary bolan daşary ýurtly raýatlara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permanlara gol çekdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Özbegistan Respublikasynyň «Uzbegim» ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy Awaz Hamitowiç Ismoilowa, Ýaponiýanyň «Akhal-teke Affmity Co.LTD» hojalyk jemgyýetiniň baş direktory Miçiko Aoe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakyldy.

***

Döwlet Baştutanynyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň Seýisçilik bölüminiň seýsileri Şirmyrat Agamyradowa, Salyh Rahymowa, Aşgabat şäherinden hususy atşynas Baýmyrat Aşyrowa, Balkan welaýatyndan hususy atşynas Kerimberdi Ýegengylyjowa, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň «Baýdak» daýhan birleşiginiň kärendeçisi, hususy atşynas Şukur Seýlibaýewe, Lebap welaýatyndan hususy atşynas Şamurat Gündogdyýewe, Mary welaýatyndan hususy atşynas Yhlas Potraýewe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakyldy.

Şeýle-de, okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň