Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal» ― «Fulad» duşuşygynda eminleriň halkara topary işlär

20:2918.04.2022
0
4706

Şu gün Jidda şäherinde AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 4-nji tapgyrynyň çäginde Türkmenistanyň wise-çempiony «Ahal» Eýranyň iki gezek çempiony, ýurduň futbol Kubogynyň häzirki eýesi «Fulad» bilen duşuşar.

«Turkmenportala» mälim bolşy ýaly, bu duşuşykda eminleriň halkara topary işlär. Malaýziýaly baş emin Muhammed Nazmi Nasaruddine watandaşy Mohamad Zairul bin Halil Tan bilen omanly Raşad Raşid Said Al-Hakmani ýardam berer. Duşuşygyň ätiýaçlykdaky emini bolsa hindistanly Rowan Arumugan bolar.

«Patyşa Abdalla Sports Siti» stadionynda geçiriljek duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 22:15-de başlanar. Duşuşyk Eýranyň IRIB Varzesh teleýaýlymy tarapyndan göni ýaýlymda alnyp görkeziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň