«Ahal» — «Fulad» duşuşygyny «IRIB Varzesh» göni ýaýlymda görkezer

21:4417.04.2022
0
5792

AFK-nyň Çempionlar ligasynda Türkmenistanyň wise-çempiony «Ahalyň» «Fulad» (Eýran) bilen geçirjek duşuşygy Eýranyň milli teleýaýlymy «IRIB Varzesh» tarapyndan göni ýaýlymda görkeziler. Bu barada telekompaniýanyň resmi web sahypasynda habar berilýär.

4-nji tapgyryň çägindäki bu duşuşyk şu gün, 18-nji aprelde Aşgabat wagty bilen 22:15-de Jiddanyň (Saud Arabystany) «King Abdullah Sports City» stadionynda geçiriler.

Toparlaryň arasyndaky birinji duşuşykda eýranlylar 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Ýaryşyň 1/8 finalyna Günbatar we Gündogar sebitleriň hersinden 10 toparçanyň ýeňijisiniň we ikinji orny eýelänleriň iň gowy üçüsiniň çykjakdygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň