Aşgabatda Ermenistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň wekilleriniň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Bu barada «armenpress» web saýtynda habar berilýär.
Şu ýylyň 11-nji aprelinden 14-nji apreli aralygynda Ermenistanyň premýer-ministriniň geňeşçisi Artaşes Tumanýan Türkmenistana resmi sapar etdi.
Ermeni diplomaty Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, ýurduň nebit we gaz pudagyna gözegçilik edýän Şahym Abdrahmanow, senagat we energetika pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Çarymyrat Purçekow, şeýle-de «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow bilen duşuşdy.
Habarda ikitaraplaýyn we sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli köpsönly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy bellenilýär.