Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerine bagyşlanan halkara maslahat geçiriler

23:1514.04.2022
0
8072

2022-nji ýylyň 19-njy aprelinde Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde» atly ylmy maslahat geçiriler. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatynda bolýan saparynyň dowamynda şu günki geçiren Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, halkara ylmy maslahatyň dowamynda, arheologik tapyndylaryň sergisini guralar, taryhy-medeni ýadygärliklerde halkara we milli ekspedisiýalar tarapyndan geçirilen arheologik gazuw-barlag işleriniň netijelerine serediler.

Şeýle hem «Türkmenistanyň gadymyýeti: ylmy-barlaglar we ýadygärlikleriň rejelenilişi» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçiriler. Maslahatda daşary ýurtlaryň ylmy institutlarynyň wekilleri, alymlar we arheologlar sanly ulgam arkaly çykyş ederler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň