Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mary etrabynda tehniki uglerod öndürýän zawod açylyp ulanylmaga berildi

18:1013.04.2022
0
19892

Şu gün — 13-nji aprelde Mary welaýatynyň Mary etrabynda tehniki uglerod öndürýän zawod açylyp ulanylmaga berildi.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron saýtynda habar berlişi ýaly, tehniki uglerod zerur himiki önümleriň biri bolup, bu, esasan, rezin önümçiliginde, plastik önümçilikde, nano-tehnologiýaly grafitlerde, poligrafiýa önümçiliginde hem-de elektro geçirijileri ultra-melewşe şöhlelerden goramak üçin daşky örtük hökmünde giňden ulanylýar.

Bu zawodyň işe girizilmegi bilen 100-e golaý iş orny açylyp, ýokary bilimli, köp ýyllyk tejribesi bolan tehnologlar, inženerler we ýaş hünärmenler zähmet çekerler.

Zawodyň barlaghanasy dünýä ülňülere laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, bu ýerde tehniki uglerodyň 10-dan gowrak hil barlaglary ýerine ýetiriler.

Dünýä ülňülerine laýyk gelýän, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan zawodda Amerikanyň «AtlaCopka» kompaniýasynyň enjamy, dolandyryş ulgamynda Germaniýa «Siemens» kompaniýasynyň enjamlary ornaşdyryldy. Bu ýerde häzirki ISO 9001 we daşky gurşawa zyýansyzlygy barada ISO 14001 talaplaryna laýyk önümçilik ýola goýuldy.

Mary etrabynyň çäginden bölünip berlen 9,9 gektar meýdanda ýerleşýän tehniki uglerod öndürýän bu zawod «Eziz dag» hojalyk jemgyýeti tarapyndan guruldy. Täze önümçilik desgasynyň kuwwatlylygy her ýylda 3 000 tonna tehniki uglerod öndürmäge niýetlenendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň