Soňky habarlar

Arhiw

Uill Smit Amerikan kinoakademiýasynyň çärelerine gatnaşmakdan çetleşdirildi

19:3909.04.2022
0
8075
Uill Smit Amerikan kinoakademiýasynyň çärelerine gatnaşmakdan çetleşdirildi
Surat: radiokp.ru

Amerikan kinoakademiýasy aktýor Uill Smiti öňdäki on ýylyň dowamynda öz guraýan çärelerine gatnaşmakdan çetleşdirdi, muňa 27-nji martda “Oskar” kinobaýragynyň 94-nji gowşurylyş dabarasynda bolup geçen gopgun sebäp boldy diýip, The Hollywood Reporter neşiri habar berdi.

Düýn Akademiýanyň direktorlar geňeşi şeýle çözgüdi kabul etdi. Ýeri gelende aýtsak, aktýor şol dabarada alypbaryjy Kris Rokuň adyna paýyş sözleri aýdyp, oňa şarpyk çalypdy.

Dabaranyň guramaçylary Uill Smite jaýy terk etmegi haýyş etseler-de, ol ýüz dönderdi. Soňra oňa “Riçard korol” («Король Ричард») filmindäki keşbi üçin “Iň oňat aktýor” diýen ugur boýunça baýrak gowşuryldy. Ol şonda bu ýakymsyz waka sebäpli alypbaryjydan we akademiýadan ötünç sorady. Aktýoryň özüne erk edip bilmezligine alypbaryjy Kris Rokuň Smitiň agyr keselden ejir çekýän aýaly baradaky ýerliksiz degişmesi sebäp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň