Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň daşary ýurt we ýerli hünärmenleri bilen bilelikde, «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamyny ornaşdyrmaklyk maksady bilen Pudagara toparynyň düzümine girýän ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklary geçirdiler.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, maslahatda Gulluk tarapyndan, Pudagara toparynyň düzümine girýän ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň üçin, dünýä döwletleriniň «Bir penjire» ulgamyny ornaşdyrmak tejribesini öwrenmek boýunça, Gyrgyzystan, Azerbaýjan we Koreýa Respublikalarynyň gümrük edaralarynyň wekilleri bilen, wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyklary gurnady we geçirildi.
Ýadyňyzda bolsa, mundan öň Türkmenistanyň gümrük gullugynyň işgärleriniň Gruziýanyň «Bir penjire» ulgamy bilen tanyşdyklary barada habar beripdik.
Şeýle-de okaň: