Türkmenistanyň Prezidenti milli medeniýet ulgamynda täze döwlet maksatnamasyna gol çekdi

23:2908.04.2022
0
9273

Prezident Serdar Berdimuhamedow Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklady. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany degişli Karara şu ýylyň ilkinji çärýeginde ýurduň dürli pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanyp geçirilen Hökümetiň şu günki mejlisinde gol çekdi.

Bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi türkmen halkynyň gadymy, baý medeni mirasyny, milli gymmatlyklaryny, şöhratly taryhyny ylmy esasda öwrenmek, geljek nesiller üçin gorap saklamak, giňden wagyz etmek, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklere hem-de gözel ýerlere daşary ýurtly we ýerli syýahatçylary çekmekden ybaratdyr.

Ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň häkimliklerine Meýilnamada görkezilen çäreleriň bellenen möhletlerde talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

2015-nji ýylda Türkmenistanda «Milli maddy däl medeni mirasy goramak hakynda» kanunyň kabul edilendigini bellemek gerek

Täze Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň esasy maksady diňe bir milli mirasy aýawly gorap saklamak däl, ony geljek nesillere ýetirmekden ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň