Soňky habarlar

Arhiw

Taýwanyň hokkeý ýygyndysy dünýä çempionatyny ýeňiş bilen tamamlady

23:1308.04.2022
0
4538

Taýwanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň üçünji dwizionynyň «A» toparçasyndaky ahyrky duşuşygynda ýer eýeleri ― Lýuksemburgyň ýygyndysyny ýeňdi. Kokelşoýer şäherinde geçirilen duşuşykda taýwanly hokkeýçiler 5:3 (1:1, 0:2, 2:2) hasabynda ýeňiş gazandy.

Şeýlelikde, Taýwanyň ýygyndysy dört duşuşygyň diňe ýekejesinde ýeňiş gazanyp bildi. Bu ýeňiş Türkmenistanyň ýygyndysyna ýaryşy bürünç medal bilen tamamlamaga kömek etdi.

Şeýlelikde, dünýä çempionatynyň üçünji dwizionynyň «A» toparçasynda 12 utuk toplan BAE-niň ýygyndysy çempion bolup, indiki ýyl ikinji dwizionyň «B» toparçasynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Türkiýeli hokkeýçiler 8, Türkmenistanyň ýygyndysy 4, Taýwan 3, Lýuksemburg bolsa 2 utuk toplap bildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň