Soňky habarlar

Arhiw

BAE-niň hokkeý ýygyndysy bir basgançak ýokary galdy

23:5707.04.2022
0
3449

Birleşen Arap Emirlikleriniň hokkeý boýunça milli ýygyndysy Lýuksemburgyň ýygyndysyny 8:1 (2:1, 5:0, 1:0) hasabynda ýeňip, dünýä çempionatynyň üçünji dwizionynyň «A» toparçasynda wagtyndan ozal çempion boldy.

Şeýlelikde, BAE-niň ýygyndysy ýaryşdaky dört duşuşygyny hem ýeňiş bilen tamamlady. Ýygyndy biziň ildeşlerimizi 10:4, Taýwany 10:2, Türkiýäni 13:4 hasabynda ýeňipdi.

Ýeňiji bolan ýygyndyda GDA agza döwletleriň wekilleriniň kändigini ýatladýarys. Olaryň dördüsi belarus hokkeýçileri (hüjümçiler Aleksandr Usenko, Maksim Zaharow we goragçylar Dmitriý Şapwalow we Witaliý Sawko), biri bolsa russiýaly Artur Zaýnutdinowdyr.

Häzir toparçada BAE_niň 12, Türkiýäniň 6, Türkmenistanyň 4, Lýuksemburgyň 2, Taýwanyň 0 utugy bar.

8-nji apreldäki jemleýji duşuşyklar Türkmenistan blen Türkiýäniň (18:30) we Lýuksemburg bilen Taýwanyň (22:00) arasynda geçiriler.

BAE-niň ýygyndysy bolsa geljek ýylda ikinji dwizionyň «B» toparçasynda ýaryşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň