Soňky habarlar

Arhiw

“Oskaryň” iki gezek eýesi edebi ogurlykda günäli diýlip ykrar edildi

19:1006.04.2022
0
1224
“Oskaryň” iki gezek eýesi edebi ogurlykda günäli diýlip ykrar edildi
Surat: irshadgul.com

Eýranyň kazyýeti ýerli kinorežissýor, “Oskar” baýragynyň iki gezek eýesi Asgar Farhadini “Gahryman” («Герой») atly soňky filminiň pikirini ogurlamakda günäli diýip höküm çykardy diýip, The Hollywood Reporter neşirine esaslanyp, MIR24 ýazýar.

Kinorežissýor onuň esasy ideýasyny özüniň öňki talyby Azade Masihzadeden ogurlapdyr, bu zenan mundan dört ýyl öň “Hemmeler ýeňiji, hemmeler ýeňlenler” («Все победители, все проигравшие») at bilen şol bir ýordumdaky dokumental filmi surata düşüripdir.

Indi ýene birnäçe günden hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri Farhadiniň nähili jeza çekmelidigini çözerler, olaryň biri: režissýoryň filmiň kinozallarda ýa-da internetdäki görkezilişlerinden gazanan girdejilerini Masihzadä bermeli bolmagy mümkin.

“Gahrymanyň” ilkini tanyşdyrylyşy geçen ýyl Kann kinofestiwalynda bolupdy, film festiwalyň eminler toparynyň Gran-pri baýragyna we Fransua Şaleniň baýragyna mynasyp boldy. Kinofilmiň dünýä prokatyndaky kassa ýygymlary 2,5 million dollara ýetdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň