Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň lideri Wladimir Žirinowskiý 76 ýaşynda aradan çykdy. Syýasatçynyň ýurduny täzeländigi barada RF-niň Döwlet Dumasynyň başlygy Wýaçeslaw Wolodin habar berdi, deputatlar plenar maslahatda RLDP fraksiýasynyň ýolbaşçysyny bir minutlyk dymyşlyk bilen hatyraladylar diýip, ýurduň habar beriş serişdeleri ýazýar.
Döwlet Dumasynyň başlygynyň pikirine görä, Žirinowskiniň şahsyýeti köptaraply bolup, onsuz häzirki zaman Russiýanyň syýasy ulgamyny göz öňüne getirmek hem kyn.
Wolodin şeýle-de özüniň Telegram-kanaldaky sahypasynda Žirinowskini dünýäniň gurluşyna çuň düşünen, köp zady öňünden gören zehinli, tejribeli syýasatçy hökmünde hasiýetlendirdi.
Görnükli syýasatçy Žirinowskiý 2-nji fewralda koronawirus ýokanjy bilen Moskwanyň Merkezi kliniki hassahanasyna ýerleşdirildi. Onuň kesel zerarly öýkeniniň 75 göterim derejede haraplanandygy hasaba alyndy, lukmanlar hassany halas etmek üçin yhlas etseler-de, kesel üstün çykdy diýip, “Izwestiýa” gazeti ýazýar.