Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylarynyň 28-sini wezipä belledi

09:0506.04.2022
0
39492

5-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek boýunça maslahat geçirdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.

Döwlet Baştutany maliýe we ykdysadyýet, ýangyç we energetika, gurluşyk we senagat toplumy, söwda we dokma senagaty, ylym we bilim, saglygy goraýyş pudaklarynyň ýolbaşçylar düzümine seretdi. Duşuşykda aşakdaky ýolbaşçylar bellenildi.

1. Muhammetgeldi Nurgeldiýewiç Serdarow — Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesine, şeýle-de Türkmenistanyň Hökümetinden Ýewropa Bileleşiginiň halkara tehniki kömek baradaky milli utgaşdyryjysy we Bütindünýä bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerine bellenildi.

2. Muhammetseýit Babaýewiç Sylapow — Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerine bellenildi.

3. Döwlet Akmuhammedowiç Täşliýew — Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine bellenildi.

4. Toýly Öwezgulyýewiç MälikowTürkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Şeýle-de ol Halkara Pul gaznasynyň Türkmenistandan dolandyryjysy we Aziýanyň Ösüş bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerine bellenildi.

5. Muhammetguly Hojagulyýewiç Hojagulyýew — «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygy wezipesine bellenildi.

6. Döwletgeldi Annabaýramowiç Amanmuhammedow — Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary — Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň dolandyryjysy wezipelerinden boşadyldy.

7. Batyr Amangeldiýewiç Amanow — Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellenildi.

8. Guwanç Welinazarowiç Agajanow — «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy wezipesine belläp, ony «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

9. Merdan Tejimowiç Rozyýew — «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesine bellenildi.

10. Guwanç Döwletmämmedowiç Orunow — Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri wezipesine bellenildi.

11. Baýmyrat Ilmyradowiç Annamämmedow — Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine bellenildi.

12. Hajymuhammet Saparmuhammedowiç Rejepmyradow — Türkmenistanyň energetika ministri wezipesine bellenildi.

13. Serdargeldi Gurbangeldiýewiç Ýolamanow — Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy wezipesine bellenildi.

14. Nyýazly Myradowiç Nyýazlyýew — «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellenildi.

15. Allanur Nurgeldiýewiç Altyýew — Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri wezipesine bellenildi.

16. Güýzgeldi Baýjanow — Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellenildi.

17. Begenç Şadurdyýewiç Çaryýew — Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesine bellenildi.

18. Ahmed Amangeldiýewiç Berdiýew — «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory wezipesine bellenildi.

19. Ogulhajat Amanmyradowna Işangulyýewa — «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine bellenildi.

20. Gulmyrat Nurmyradowiç Agamyradow — Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri wezipesine bellenildi.

21. Orazmyrat Gurbannazarow — Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine bellenildi.

22. Gurbangül Kakalyýewna Ataýewa — Türkmenistanyň bilim ministri wezipesine bellenildi.

23. Atageldi Aşyrowiç Şamyradow — Türkmenistanyň medeniýet ministri wezipesine bellenildi.

24. Nurmuhammet Kakabaýewiç Amannepesow — Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesine bellenildi.

25. Resul Şyhdurdyýewiç Rejepow — Türkmenistanyň dokma senagaty ministri wezipesine bellenildi.

26. Merdan Amanjanowiç Gazakbaýew — Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy wezipesine bellenildi.

27. Arslan Gurbanmämmedowiç Aşyrow — Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellenildi.

28. Akmyrat Rozydurdyýewiç Hudaýberdiýew — Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy wezipesine bellenildi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň