Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Merkezi bankyna täze ýolbaşçy bellenildi

21:3505.04.2022
0
22683

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň ministrleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipelere bellemek boýunça maslahat geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany maslahatyň dowamynda Toýly Mälikowy Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Şeýle-de T.Mälikow Halkara Pul gaznasynyň Türkmenistandan dolandyryjysy we Aziýanyň Ösüş bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerine bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gadyrgeldi Müşşikowiç Müşşikow Merkezi bankyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden, şeýle-de Halkara Pul gaznasynyň Türkmenistandan dolandyryjysy we Aziýanyň Ösüş bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerinden boşadyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň