Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň çempionynyň maşgalasynda ekiz ogul dünýä indi

22:5004.03.2015
0
6750

Aşgabat, 04.03.2015. “Türkmenportal”.

Paýtagtyň “Altyn asyrynyň” düzüminde Türkmenistanyň çempiony bolan 25 ýaşly Elman Tagaýew  bir günde iki ogluň bagtyýar kakasy boldy. Tagaýewleriň maşgalasynda ilkinji perzentler 3-nji martda sagat 17.30-da paýtagtyň “Ene mähri” enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde dünýä indi.

—Meniklije körpeleri ýanýoldaşym Arina sowgat berdi. Men onuň bilen iki ýyl mundane ozal tanyşdym, geçen ýyl bolsa resmi taýdan gatnaşyklary ýola goýdum — diýip, E. Tagaýew “Türkmenportalyň” habarçysyna gürrüň berdi. — Oguljyklarym sagat doguldy. Olaryň birine babamyň hatyrasyna Aly, beýlekisine bolsa aýalymyň islegi boýunça Alan diýip at berdik. Birbada iki perzendiň kakasy bolanyma begenjimiň çägi ýok.

Elman Tagaýew futbol bilen 8 ýaşyndan bäri meşgullanýar. Futbolçynyň professional durmuşy 16 ýaşdan, Türkmenistanyň ýetginjekler we olimpiýa ýygyndy toparlarynyň baş tälimçisi Aman Goçumowyň ýolbaşçylygynda başlandy. Dürli ýyllarda “Aşgabat”, “Azal” (Baku) we “Altyn asyr” toparlarynda çykyş etdi. 2012-nji ýylda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde AFK-nyň Çagyryş Kubogynda kümüş medala mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň