«Матч ТВ» Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň duşuşyklaryny göni ýaýlymda görkezer

14:4005.04.2022
0
6457

Ýewropanyň Çempionlar ligasy ýene-de ekranlara gaýdyp gelýär. Türkmenistanda IPTV arkaly elýeterli bolanRussiýanyň «Матч ТВ» we «Матч! Футбол 1» teleýaýlymlary ýaryşyň çärýek final duşuşyklaryny göni ýaýlymda alyp görkezer. Bu tapgyryň ilkinji duşuşyklary eýýäm şu gije oýnalar.

«Матч ТВ» futbol janköýerlerine Hosep Gwardiola bilen Diego Simeoneniň şägirtleriniň gapma-garşylygyny ýetirer. «Mançester Siti» ― «Atletiko» duşuşygy gije sagat 00:00-da başlanar.

«Матч! Футбол 1» teleýaýlymynda bolsa Muhammet Salahly «Liwerpul» «Benfikanyň» myhmany bolar.

6-njy aprel gijesinde Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň çärýek final duşuşyklary «Çelsi» bilen «Realyň», «Wilýarreal» bilen «Bawariýanyň» arasyndaky duşuşyklar bilen dowam eder. Bu duşuşyklaryň ilkinjisi «Матч ТВ», ikinjisi «Матч! Футбол 1» ýaýlymy arkaly futbol janköýerlerine ýetiriler. Iki duşuşyk hem gije sagat 00:00-da başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň