Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly mekdep okuwçylary UNIPO — 2022 halkara taslama bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler

10:4104.04.2022
0
16642

Türkmenistanly mekdep okuwçylary UNIPO — 2022 halkara taslama bäsleşigine gatnaşyp üstünlikli çykyş etmegi başardylar. Ýurduň mekdep okuwçylary bu halkara bäsleşikde ondan gowrak baýrakly orunlary eýelemegi başardylar. Bu barada unipo.org web-saýtynda habar berilýär.

Halkara bäsleşigiň oýlap tapyş ugry boýunça Begenç Bahramow altyn, Jelaleddin Gylyçmuhammedow, Dawut Gurbanow kümüş medallara mynasyp boldular. Bäsleşigiň sungat we surat ugry boýunça geçirlen tapgyrynda türkmenistanly ýaşlaryň bir topary, ýagny Şahnoza Çaryýewa, Aýnagözel Rasulowa kümüş medala, Pena Serdarow, Aganur Parahadow, Aýçeper Agajanowa, Agaberdi Rasulow bürünç medala mynasyp boldular. IT programmalaşdyrmak ugry boýunça ýurduň mekdep okuwçylaryndan Tatarow, Meýlis Gaýypgulyýew, Selbinyýaz Sultanowa, Maýa Orazmämedowa altyn medala, Baýnazar Muhammedow, Akhumaý Çaryýewa bürünç medala eýe bolmagy başardylar.

UNIPO — 2022 web saýtynda bellenilip geçilişi ýaly, bäsleşigiň oýlap tapyş ugry boýunça ilkinji iki orny eýelän okuwçylar 2022-nji ýylyň 2-nji maýynda onlaýn ýagdaýynda geçiriljek Wilnius halkara taslama olimpiadasy — 2022 bäsleşigine gatnaşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň