Şu gün «Oguz han» köşkler toplumynda geçirilen türkmen-hindi gepleşikleriniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Çabahar porty bilen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça göni gepleşikleri guramagy teklip etdi.
«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti:
— Ulag — ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ugry. Biz Türkmenistanyň çäginden, şol sanda biziň ýurdumyzyň Hazar deňzinde bar bolan infrastrukturalaryny ulanmak arkaly Hindistanyň deňiz terminallaryna çykmak üçin durnukly Ýewraziýa geçelgelerini kemala getirmäge özara ýardam bermek hakynda ylalaşdyk —diýip, gepleşikleriň jemleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenmesine belledi.
Maglumatlara laýyklykda, Türkmenistan öz çäkleriniň üsti bilen Merkezi Aziýadan Pars aýlagyna çenli, ol ýerden hem Hindistana barýan ýeke-täk iň gysga ýola eýe bolan ýurtdur. Hindistan tarapyndan goldanylýan Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi Eýranyň üsti bilen Çabahar porty arkaly Türkmenistan bilen birleşmäge mümkinçilik döretdi. Şoňa görä-de, bu geçelge iki ýurt üçinem, sebitiň beýleki döwletleri üçinem ykdysady taýdan örän amatlydyr.
Türkmenistan Çabahar portuny Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesine birleşdirmek we bu taslamany iş ýüzünde amala aşyrmak üçin bilelikdäki Iş toparyny döretmek boýunça hindi tarapynyň başlangyjyny goldady. Öz gezeginde, Hindistan hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny bu ulag geçelgesine birleşdirmek babatda Türkmenistanyň teklibini goldaýar.
Şeýle-de, okaň!