Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda türkmen-hindi gepleşikleri geçirildi

22:3502.04.2022
0
2479
Aşgabatda türkmen-hindi gepleşikleri geçirildi
Surat: fastmailnews.com

«Türkmenportalyň» ozal habar berşi ýaly, düýn Hindistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi. Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklar geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde bilelikdäki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenmetbugat» habar berýär.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça geçirilen metbugat ýygnagynda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow: «Biz jenap Prezident Ram Nath Kowind bilen halkara guramalarda, esasan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde birek-birege mundan beýläk hem goldaw bermek barada ylalaşdyk» diýip belledi.

Duşuşygyň dowamynda medeni-ynsanperwer, ulag, ylym-bilim ýaly birnäçe ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk alyp barmagyň ähmiýeti bellenildi. Bu ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem çuňlaşdyrylmagyna uly itergi berer.

Öz gezeginde Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind ýangyç-energetika, sanly ulgam ýaly derwaýys ugurlarda gatnaşyklaryň pugtalandyryljakdygy dogrusynda nygtap geçdi. Gepleşiklerde Aziýa yklymynda parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine aýratyn üns berildi. Şeýle-de, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen, dürli ugurlarda birnäçe resminamalara gol çekildi. Türkmenistan bilen Hindistanyň döwlet Baştutanlary bu taryhy ähmiýetli duşuşyga ýokary baha berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň