Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedowyň we Ram Nad Kowindiň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

15:4902.04.2022
0
10551
Serdar Berdimuhamedowyň we Ram Nad Kowindiň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
Surat: PTI

Şu gün «Oguz han» köşkler toplumynda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana ilkinji döwlet saparyny amala aşyrýan Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça dürli ugurlarda türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam berjek ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda gol çekilen resminamalaryň hatarynda Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy bilen Hindistan Respublikasynyň Maliýe aňtawçylygy edarasynyň arasynda Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, predikat jenaýatlary we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly maliýe maglumatlary alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda alşylan Ähtnama; Ýaşlar babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň Ýaşlar işleri we sport ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet we sungat babatda 2022 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy bar.

Şeýle-de Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli türkmen-hindi gepleşikleriniň jemleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýdular.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň