Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrýan Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň arasynda şu gün «Oguz han» köşkler toplumynda ikiçäk hem-de giňişleýin düzümde gepleşikler geçirildi.
«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, iki ýurduň Liderleriniň gatnaşmagynda açyklyk, birek-birege düşünişmek hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda köpasyrlyk taryha eýe bolan türkmen-hindi gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Sebit we ählumumy howpsuzlygy berkitmek, halkara düzümleriň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň ugry boýunça özara gatnaşyklary ösdürmek, Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygy üpjün etmek, Owganystanda parahatçylygy berkarar etmäge ýardam bermek, energetika hem-de ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek ýaly ugurlar döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow bilen Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda geçirilen nobatdaky gepleşikleriň esasyny düzdi.
Duşuşykda, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyny ilerletmäge aýratyn üns çekildi. Bellenilişi ýaly, bu möhüm taslama oňa gatnaşyjy döwletler üçin diňe bir ykdysady taýdan bähbitli bolman, eýsem, sebitde durnuklylygy berkitmäge, ýurtlaryň arasynda özara düşünişmegi we ynamy pugtalandyrmaga, birek-birek bilen ykdysady hem-de syýasy taýdan has-da ýakynlaşmaga hem mümkinçilik berer.
Ýokary derejeli türkmen-hindi gepleşikleri tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Ýeri gelende ýatlatsak, Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistana amala aşyran ilkinji döwlet sapary bolmak bilen, dostlukly ýurduň Baştutany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem iň ýokary döwlet wezipesinde kabul edýän ilkinji myhmanydyr.
Şeýle-de, okaň!