Soňky habarlar

Arhiw

Uill Smit “Oskardaky” gopgundan soň kinoakademiýany terk edýär

15:4402.04.2022
0
10334

Golaýda Amerikan kinoakademiýasynyň “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasynda bolan gopgundan soň aktýor Uill Smit ady tutulan akademiýanyň düzüminden meýletin çykmakçydygyny yglan etdi. Bu barada Variety neşiri habar berdi diýip, “Rambler.ru” ýazýar.

“Meniň kinoakademiýanyň baýraklarynyň 94-nji gowşurylyşyndaky eden işim ýerliksiz, agyryly we bagyşlap bolmajak etmiş boldy” diýip, Smit beýanat berende aýtdy.

“Oskaryň” dabarasynda aktýor sahna çykyp, aýaly Jada Pinkett-Smit barada gelşiksiz degişmesi üçin alypbaryjy Kris Roka şarpyk çalypdy.

Häzir akademiýa bu waka bilen bagly seljeriş işine girişdi, geňeşiň bu babatdaky ilkinji ýygnagy 18-nji aprelde geçiriler diýip, CNN teleýaýlymy habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň