Soňky habarlar

Arhiw

Jim Kerri aktýorlyk kärini tamamlaýandygyny habar berdi

15:4101.04.2022
0
8542

Golliwudyň ýyldyzy Jim Kerri öz aktýorlyk işini tamamlamakçydygyny resmi yglan etdi. Bu barada Hollywood Life neşiri habar berdi diýip, “Mail.ru” ýazýar.

“Men pensiýa gidýärin. Men muny çynym bilen aýdýaryn” diýip, aktýor ady tutulan neşire beren interwýusynda nygtady.

60 ýaşly Jim Kerri: “Maňa, hakykatdanam, häzirki asuda durmuşym ýaraýar, men surat çekmegi halaýaryn, ruhy durmuşymdan razy” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Aktýor 40 ýyldan hem gowrak dowam eden kinokarýerasyna Torontoda stendap-komiklikden başlapdyr. Ol soňlugy bilen gülküli filmlerde baş keşplerde çykyş etdi. 1990-njy ýyllarda Kerri “Nikap” («Маска»), “Kütek we has-da kütek” («Тупой и ещё тупее»), “Betmen hemişelik” («Бэтмен навсегда») we “Ýalançy, ýalançy” («Лжец, лжец») ýaly üstünlikli filmlerde keşp döretdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň