Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýeti FIFA-nyň 72-nji gurultaýyna gatnaşdy

14:5801.04.2022
0
5816

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň baş kätibiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar 31-nji martda Doha şäherinde geçirilen FIFA-nyň 72-nji gurultaýyna gatnaşdy.

Gurultaýyň dowamynda guramanyň ýyllyk hasabaty diňlenildi we 2023-nji ýylyň býujeti kesgitlenildi. Onda möhüm wezipeleriň başga-da birnäçesine seredildi. Olaryň hatarynda rus dilini FIFA-nyň resmi dilleriniň sanawyna goşmak baradaky mesele hem bar. Bu mesele şu gezekki gurultaýda öz çözgüdine gowuşdy.

Guramanyň 73-nji gurultaýy indiki ýyl Awstraliýada ýa-da Täze Zelandiýada geçiriler. Çünki 2023-nji ýylda bu iki döwlet bilelikde zenanlaryň arasyndaky dünýä çempionatyny geçirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň