Ýaponiýada ýaşlaryň kämillik ýaşy üýtgedildi

11:3601.04.2022
0
8925
Ýaponiýada ýaşlaryň kämillik ýaşy üýtgedildi
Surat: mir24.tv

Ýapon Hökümeti ýurduň ýaşlarynyň kämillik ýaşyny peseltdi. Indi ýaşlar 20 ýaşdan däl-de, 18 ýaşdan kämillik ýaşyna ýeten diýlip hasaplanylar. Mundan başga-da 18 we 19 ýaşyny dolduran ýaponlar banklar we beýleki guramalar bilen özbaşdak şertnama baglaşyp, ýaşaýyş jaýlaryny öz atlaryna kärendesine alyp, aragatnaşyk hyzmatlaryny öz atlaryna resmileşdirip bilerler.

Ýaponiýada ýaşlaryň kämillik ýaşynyň üýtgedilmegi bilen olaryň nika baglaşmak düzgünleri hem üýtgedi. Ýaponiýanyň 18 ýaşly raýatlary öz ene-atalarynyň razyçylygy bolmazdan durmuşa çykyp hem öýlenip bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň