Aşgabatda Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçirijiligini we logistikany ösdürmek boýunça maslahat geçirildi

13:2029.03.2022
0
9815

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Türkmenistanda üstaşyr ulag geçirijiligi we logistikany ösdürmek, ýurduň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak boýunça pudagara maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, nobatdaky maslahatyň maksady Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçirijiligini we logistika ulgamyny ösdürmäge, ýurduň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň özüne çekijiligini we sebitdäki ähmiýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilen, gümrük serhediniň üstünden haryt dolanyşygynyň çaltlandyrylmagyna ýardam berýän şertleri giňeltmegiň ugurlaryny kesgitlemekden ybarat boldy.

Maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň düzüm birlikleriniň hem-de «Türkmen Logistika» assosiasiýasynyň, Türkmenistanyň halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiasiýasynyň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda gozgalýan mesele boýunça sorag-jogap alşylyp, teklipler diňlenildi. Işde ýüze çykýan soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de agzalýan ugur boýunça öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek üçin geljekde ýerine ýetirmeli işler kesgitlenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň