Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan: Sport» Italiýa derbisini göni ýaýlymda alyp görkezer

16:5428.03.2022
0
4888

3-nji aprelde «Ýuwentus» bilen «Interiň» arasynda geçiriljek duşuşygyň netijesi iki toparyň hem çempionlyk ýaryşyndaky ornuna täsirini ýetirer. Italiýanyň çempionatynyň 31-nji tapgyryna çenli 60 utuk toplan «Inter» üçünji, 59 utukly «Ýuwentus» bolsa dördünji orunda barýar.

31-nji tapgyryň çägindäki «Ýuwentus» ― «Inter» duşuşygy Aşgabat wagty bilen gije sagat 23:40-da başlar. Duşuşyk Turin şäherindäki «Alýans Stadiumda» bolar. A Seriýasynyň bu gyzykly duşuşygy «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy tarapyndan hem göni ýaýlymda alnyp görkeziler.

Italiýanyň çempionatynyň tamamlanmagyna sekiz tapgyr galdy. Bu duşuşyk «Italiýa derbisi» diýlip atlandyrylýar. Bu gyzykly duşuşygyň taryhy 100 ýyldan geçýär. Bir asyrdan gowrak wagtyň içinde «Ýuwentus» bilen «Inter» 200 gezekden gowrak duşuşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň