Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda hem-de käbir welaýatlarda ýagyşly howa bolar

09:0028.03.2022
0
2948

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 28-nji martda Aşgabatda, şeýle hem welaýatlarda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +7... +9°, gündizine +17... +19° maýyl bolar. Howanyň basyşy 737 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +8°, gündizine +16... +18° maýyl bolar. Howanyň basyşy 707 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre, kä ýerlerinde 20 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +10°, gündizine +11... +16°, kenarýaka etraplarynda +6... +11° maýyl bolar.

Türkmenbaşy şäherinde: howa +9... +11°, basyşy 761 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Awazada: howa +8... +10°, basyşy 768 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Balkanabat şäherinde: howa +12... +14°, basyşy 767 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +10°, gündizine +17... +22° maýyl bolar.

Änew şäherinde: howa +17... +19°, basyşy 742 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Tejen şäherinde: howa +18... +20°, basyşy 746 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +10°, gündizine +18... +23° maýyl bolar.

Mary şäherinde: howa +18... +20°, basyşy 744 mm, çyglylygy 30 — 50%.

Baýramaly şäherinde: howa +19... +21°, basyşy 743 mm, çyglylygy 25 — 45%.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +9°, gündizine +16... +21° maýyl bolar.

Türkmenabat şäherinde: howa +17... +19°, basyşy 747 mm, çyglylygy 35 — 55%.

Kerki şäherinde: howa +18... +20°, basyşy 742 mm, çyglylygy 30 — 50%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Günorta-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre, kä ýerlerinde 18 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +8°, gündizine +14... +19° maýyl bolar.

Daşoguz şäherinde: howa +15... +17°, basyşy 754 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Köneürgenç şäherinde: howa +14... +16°, basyşy 755 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň