Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Bangladeş Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gutlag iberdi

21:1526.03.2022
0
5655

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Abdul Hamide, Bangladeş Halk Respublikasynyň Premýer-ministri hanym Şeýh Hasina hem-de ýurduň halkyna Bangladeş Halk Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutany Prezident Mohammad Abdul Hamide, Premýer-ministr hanym Şeýh Hasina berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Bangladeşiň halkyna bolsa parahatçylygy, mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de rowaçlygy arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň