Soňky habarlar

Arhiw

Döwletjan Ýagşymyradow indiki tutluşygyna «American Top Team»-de taýýarlanýar

03:0724.03.2022
0
14126

Garyşyk söweş sungaty boýunça türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradow nobatdaky tutluşygy üçin «American Top Team» sport zalynda türgenleşýär. Bu zalda ozal UFC-niň köp sanly çempionlary öz türgenleşiklerini alyp barypdy.

«American Top Team» akademiýasy ABŞ-nyň Florida ştatynyň Maýami şäherinden 60 kilometr uzaklykda ýerleşýän Kokos Krikdedir.

Akademiýanyň esaslandyryjysy Den Lambert Ýagşymyradowyň häzirki wagtda fiziki ýagdaýynyň iň ýokary derejä ýetendigini aýdýar.

«Bu ýigit ― professional. Ol bu ýerde beýleki ýigitlere hem kömek edýär, synag tutluşyklarynda elinden gelenini gaýgyranok. Şähdaçyk we hemişe dostlaryna kömek bermek ony bagtly edýär. Men Döwletjan Bellatorda heniz ussatlygyny doly görkezmedi diýip pikir edýärin. Ýöne ol uly güýje eýe» diýip, Sports Illustrated onuň aýdan sözlerini mysal getirýär.

15-nji aprelde Kaliforniýa ştatynyň San-Hose şäherinde Bellator 277 agşamy geçiriler. Onuň çäklerinde Döwletjan Ýagşymyradow (18-7-1) amerikaly Toni Jonson (9-3-0) bilen tutluşyk geçirer. Bellator gijesiniň «SAP-Sentr» sport toplumynda geçirilmegine garaşylýar.

Bellator 277 gijesi tölegli görnüşde kabel ulgamynda we «Showtime» teleýaýlymynda görkeziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň