Özbegistanda «Nowruz kubogy» atly halkara futbol ýaryşy geçiriler

17:5723.03.2022
0
5764

25 ― 29-njy mart aralygynda Özbegistanda «Nowruz kubogy» atly halkara futbol ýaryşy geçiriler. Onuň ähli duşuşyklaryny Namangan şäherindäki Merkezi stadionda geçirmek meýilleşdirilýär.

Guramaçylar ýaryşa gatnaşjak dört ýygyndyny bellige aldylar. Olar Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Ugandanyň ýygyndylarydyr.

Ýaryşyň ýarym final duşuşyklarynyň birinde 25-nji mart güni Täjigistanyň we Ugandanyň ýygyndylary güýç synanyşar. Duşuşygyň Aşgabat wagty bilen gündiz sagat 15:30-da başlanmagyna garaşylýar. Beýleki ýarym final duşuşygy şol gün Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň ýygyndylarynyň arasynda geçiriler.

Ýarym finallarda ýeňiş gazanan ýygyndylar kubok üçin, utulanlar bolsa üçünji orun üçin göreşer.

FIFA-nyň reýtinginiň şu ýylyň fewral aýyndaky ýagdaýyna görä, Ugandanyň ýygyndysy 84-nji, Özbegistan 85-nji, Gyrgyzystan 96-njy, Täjigistan bolsa 115-nji orny eýeleýär.

«Nowruz kubogy» Özbegistanyň Futbol assosiasiýasy tarapyndan guralýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň