Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň oba hojalyk kärhanalaryna gök-bakja önümleriň häzirki zaman täze gibridleri hödürlenildi

13:3421.03.2022
0
9407

«HM.Clause» (ABŞ), «Hazera» (Ysraýyl) we «Bakker Brothers» (Niderlandlar) ýaly oba hojalyk önümçilik kärhanalarynyň Türkmenistandaky resmi paýlaýjysy ýerli daýhan hojalyklaryna we oba hojalyk kärhanalaryna gök-bakja önümleriniň häzirki zaman tohumlaryny we gibridlerini, şeýle-de Merkezi Aziýa üçin özboluşly bolan hem-de giňden peýdalanylýan täze tohum görnüşlerini hödürledi.

Halkara brendleriň önümlerini paýlaýjy kärhana 2014-nji ýyldan bäri getirilýän tohumlary gaýtadan işlemek we ýola goýmak işleriniň, şol sanda almak, zerur temperatura şertlerinde saklamak, daşamak we ekiş işleriniň ählisini üpjün edýär.

Hödürlenilýän dürli hili gök önüm tohumlarynyň we gibridleriniň hatarynda kelem, sogan, brokkoli, käşir, ysmanak, reňkli kelem, petruşka, badam, ukrop, pomidor, hyýar we başga-da köp sanly gök önümleriň tohumlary bar. Üpjün edijileriň belleýşi ýaly, tohumlar açyk ýerde we ýyladyşhanalarda, şol sanda Türkmenistanda gurulýan ýokary tehnologiýaly HI-TECH ýyladyşhana toplumlarynda ösdürmek üçin hem niýetlenendir.

100-den gowrak ýurtda ykrar edilen we giňden peýdalanylýan «HM.Clause», «Hazera» we «Bakker Brothers» kärhanalarynyň tohumlary Türkmenistanyň ähli sebitlerinde hasyllyga, dürli kesellere garşy göreşmäge we howa şertlerine uýgunlaşmak häsiýetine eýedir.

Gök-bakja ekinleriniň tohumlarynyň görnüşleri bilen tanyşmak we olaryň sanawyny ýükläp almak üçin saýtyna salgylanyp bilersiňiz. Önümleri lomaý hem-de bölekleýin sargyt edip bolýar.

Goşmaça maglumatlar bilen tanyşmak üçin şu salga ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat ş., Andalyp köçesi, 70-nji jaý, 503-nji iş nokady.

  • Telefon belgileri: +99365 80 65 95; +99312 47 38 67;
  • IMO hasaby: +99365 03 92 21;
  • Instagram hasaby: @elite_tohumlar
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň