Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň Çempionlar ligasynda ähli toparçalar doly düzüldi

12:5016.03.2022
0
4944

Düýn AFK-nyň Çempionlar ligasynyň saýlama duşuşyklary geçirildi. Toparçalaýyn tapgyrda bolşy ýaly, saýlama oýunlar hem gündogar we günbatar sebitlerde aýry-aýrylykda geçirildi.

Saub Arabystanyndaky «King Abdulla Sport Siti» stadionynda geçirilen duşuşykda ýerli «Al-Tawun» Siriýanyň «Al-Jaiş» toparyny 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde 5:4 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, «Al-Tawun» AFK-nyň Çempionlar ligasynda «D» toparçanyň wekili boldy. Bu toparçada oňa Kataryň «Al-Duhaýly», Eýranyň «Sepahany», Özbegistanyň «Pahtakory» garaşýardy. «D» toparçanyň duşuşyklary 7 ― 27-nji aprel aralygynda Saud Arabystanynyň Buraýda şäherinde geçiriler.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Özbegistanyň «Nasafy» myhmançylykda BAE-niň «Baniýasyny» 2:0 hasabynda ýeňip, «E» toparça goşuldy. Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen başga bir duşuşykda bolsa ýerli «Şarja» Yragyň «Al-Zawrasyny» 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde 6:5 hasabynda ýeňdi. «Şarja» yklym ýaryşynyň «A» toparçasyndan orun aldy. Bu toparçada ozal Saud Arabystanynyň «Al-Hilaly», Kataryň «Al-Raýýany» we Täjigistanyň «Istikloly» bardy.

Gündogar sebitde bir duşuşygyň ýatyrylandygyny ozal habar beripdik. Ýaponiýada geçirilen duşuşykda «Wissel Kobe» Awstraliýanyň «Melburn Wiktoriýasyny» ýarym sagatlyk goşmaça wagtda 4:3 hasabynda ýeňip, «J» toparça goşuldy. Bu toparçanyň beýleki wekilleri Hytaýyň «Şanhaý Port», Taýlandyň «Çiangraý Ýunaýted» we Gonkongyň «Kitçi» toparlarydyr. «Kitçide» türkmenistanly ýarym goragçy Ruslan Mingazowyň hem çykyş edýändigini ýatladýarys.

Koreýa Respublikasynda geçirilen duşuşykda «Ulsan Hýundai» Tailandyň «Port» toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, koreý topary ozal düzüminde Ýaponiýadan «Kawasaki Frontale», Hytaýdan «Guandžou» we Malaýziýadan «Jahor Darul Tazim» bolan «I» toparçanyň dördünji wekili boldy.

Koreýa Respublikasyndaky beýleki bir duşuşykda bolsa «Daegu» topary esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlanan duşuşykda Taýlandyň «Buriram Ýuaýtedini» 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde 3:2 hasabynda ýeňdi. Koreý topary bu ýeňiş bilen «F» toparçanyň wekili boldy. Bu toparçada Hytaýyň «Şandong Taýşan», Ýaponiýanyň «Urawa Red Daýmonds» we Singapuryň «Leon Siti» toparlary bar.

Yklym ýaryşynyň «C» toparçasyna şu ýyl ýurdumyzyň wise-çempiony «Ahalyň» hem wekilçilik edýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň