Arhiw

Serdar Berdimuhamedow BMG bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ähli tagallalary etmekçi

00:3416.03.2022
0
9374

15-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Türkmen Lideri halkara guramanyň ýolbaşçysy bilen mähirli salamlaşyp, merkezi saýlaw topary tarapyndan yglan edilip, 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijelerine laýyklykda, Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandygyny habar berdi.

Şunda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öz işini Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işjeň dowam etmegi meýilleşdirýändigini belledi.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän uly ünsi hem-de bilelikdäki netijeli işi üçin Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow abraýly halkara gurama we onuň düzümleýin edaralary bilen özara gatnaşyklaryň durnuklylygyň, parahatçylygyň, dünýäde durnukly ösüşiň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary, öz nobatynda, türkmen Liderini giň bäsdeşlik esasynda üstünlikli geçirilen nobatdan daşary Prezident saýlawlary bilen gutlady. Bu saýlawlar Türkmenistanda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Antoniu Guterriş şeýle-de Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezidenti wezipesindäki 15 ýylyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasyny goldandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Türkmen Lideri BMG-niň Baş sekretaryna berk jan saglyk, uzak ömür hem-de alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw edip, telefony Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa geçirdi.

BMG-niň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutanyny saýlawlarda ynamly gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa bu möhüm we jogapkärli wezipede uly üstünlikleri arzuw etdi.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglary we iň gowy arzuwlary üçin Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barlan ugry dowam etdirjekdigini, BMG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady.

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň geljekki ösüşleri üçin güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna hem-de dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak işine saldamly goşant goşjakdygyna ynandyryp, BMG-niň Baş sekretaryna berk jan saglygyny, jogapkärli halkara işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň