Sadyr Žaparow Serdar Berdimuhamedowy Gyrgyz Respublikasyna resmi sapar bilen çagyrdy

17:1415.03.2022
0
5462

Şu gün Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow telefon arkaly Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady we ony islendik amatly wagtda Gyrgyzystana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Bu barada Sadyr Žaparowyň resmi telegram sahypasynda habar berilýär.

«Siziň Türkmenistanda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşiňiz türkmen halkynyň size bolan ynamynyň ýokary derejededigini tekrarlaýar. Siziň baştutanlygyňyzda doganlyk Türkmenistan ösüş ýolunda uly üstünlikleri gazanjakdygyna berk ynanýaryn. Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan strategik hyzmatdaşlygyň geljekde hem ösdüriljekdigini ynam bildirýärin. Sizi islendik amatly wagtda Gyrgyz Respublikasyna resmi sapar bilen gelmä çagyrýaryn» — diýip, Prezident Sadyr Žaparow gutlagynda belläp geçdi.

Belläp geçsek, şu ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanda möhletinden öň Prezident saýlawlary geçirildi. Onda Prezidentlige hödürlenen dalaşgärleriň 9-synyň arasyndan Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan hödürlenen dalaşgär, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow saýlawçylardan 72,97% göterim ses alyp, Türkmenistanyň Prezidenti diýlip ykrar edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň