Turkmenportal logo
15.03.2022
80848084
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Si Szinpin Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady. Bu barada Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda habar berildi.


Si Szinpin Hytaýyň Türkmenistanyň dostlukly goňşusy we strategik hyzmatdaşydygyny nygtady.


Hytaý türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ösmegine uly ähmiýet berýär we iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny ösüşiň täze tapgyrynyň badalgasy hasaplaýar.