Aşgabat, 26.02.2015. “Türkmenportal”.
Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 2015-nji ýylyň 1-nji martynda (ýekşenbe) Täjigistan Respublikasynda ýurduň Mejlisi namoýandogan Mejlisi Olisine halk deputatlarynyň saýlawlarynyň geçirilýändigini habar berýär.
Türkmenistanda hemişelik ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan Täjigistan Respublikasynyň raýatlary Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ýanynda döredilen 70/18 belgili daşary ýurt saýlaw uçastogynda saýlawlara gatnaşyp bilerler. Ol şu salgyda ýerleşýär: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 4/2.
Saýlaw uçastogynyň işleýän wagty: duşenbe — anna, 9.30-dan 13.00-a çenli.
Saýlawlaryň Döwlet ýazgysyna adyňyzy girizmek bilen baglanyşykly sowallar bilen Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasyna ýüz tutup bilerler. Saýlawlar güni saýlaw uçastogy 06.00-dan 20.00-a çenli işlär.