Soňky habarlar

Arhiw

«Şagadam» Paltaýewden soň ýene bir derwezeçini düzümine goşdy

14:1115.03.2022
0
3556

Paýtagtymyzyň “Aşgabat” toparynyň derwezeçisi Gurbanmyrat Garaýew karýerasyny Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadam” toparynda dowam eder. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

30 ýaşly derwezeçi täze topary bilen şu möwsümiň soňuna çenli niýetlenen şertnama baglaşdy.

Ýeri gelende bellesek, “Şagadam” topary geçen möwsümiň jemi boýunça ýurdumyzyň futbol çempionatyny üçünji orunda tamamlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň