Arhiw

GDA-nyň Synçylar toparynyň ýolbaşçysy Türkmenistandaky Prezident saýlawlarynyň geçirilişine ýokary baha berdi

10:3013.03.2022
0
4205

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar toparynyň ýolbaşçysy, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň — Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary Leonid Anfimow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda we ýokary bäsdeşlik ýagdaýynda geçirilendigini belledi ― diýip, «Atavatan Türkmenistan» ýazýar.

Ol Prezident saýlawlarynyň dalaşgärleri bilen duşuşyk geçirendiklerini, köp sanly saýlaw uçastoklarynda bolandyklaryny we saýlaw döwründe hiç hili arz-şikaýatyň bolmandygyny belledi.

Dalaşgärlere saýlaw möwsüminde metbugatda deň derejede we ähli mümkinçilikleriň döredilendigini bellän Anfimow saýlawlaryň ähli epidemiologik öňüni alyş çäreleriň gurnalmagynda geçirilendigini, saýlaw uçastoklarynda zyýansyzlandyryş enjamlaryň oturdylandygyny, ähli arassaçylyk serişdeleriniň üpjün edilendigini belläp geçdi.

Leonid Anfimow ilkinji gezek saýlawlarda ses berýän saýlawçylaryň höweslendirilmeginiň hem möhüm bolup durýandygyny belledi.

Ol saýlawlaryň aç-açanlyk, ýerli kanunçylyk we halkara kadalara laýyklykda, saýlawçylaryň öz mynasyp dalaşgärini ses bermegi üçin döredilen ähli şertler bilen geçirilendigini mälim etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň