Soňky habarlar

Arhiw

«Kaýrat» Gazagystanyň Premýer-ligasynda birinji orna çykdy

23:5511.03.2022
0
3573

«Kaýrat» futbol klubynyň oýunçylary Gazagystanyň Premýer-ligasynyň 2-nji tapgyrynda «Maktaaraly» ýeňdiler.

«Turkestan-Arenada» geçirilen duşuşyk myhmanlaryň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Ýeke-täk pökgini 26-njy minutda hüjümçi Hose Kante 11 metrlik jerime urgusyndan geçirdi.

Bu ýeňişden soň «Kaýrat» utugyny 6-a çykaryp, ýaryş tertibiniň başyna geçdi.

Gurban Berdiýewiň şägirtleri 3-nji tapgyrda «Taraz» bilen duşuşar. Bu duşuşyk 17-nji martda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň