«Köpetdag» futbol topary tejribeli oýunçylaryň üçüsini düzümine goşdy

16:1411.03.2022
0
5410

Aşgabadyň «Köpetdag» topary Türkmenistanyň futbol çempionatynyň nobatdaky möwsüminiň öňüsyrasy tejribeli oýunçylaryň üçüsini düzümine goşdy.

TFF-niň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň geçen möwsüminde «Altyn asyr» topary bilen ýurduň futbol çempionatynyň ýeňijisi bolan Şamämmet Hydyrow, geçen möwsüm «Aşgabatda» kärendesinde çykyş eden «Ahalyň» oýunçysy Şazada Bäşimow hem-de geçen möwsümi «Energetik» futbol toparynyň düzüminde kärendesinde geçiren Muhammet Işangulyýew hünär ýollaryny Aşgabadyň «Köpetdag» toparynda dowam ederler.

Mundan başga-da «Köpetdag» futbol topary ýaş oýunçylaryň hem birnäçesini düzümine geçirdi.

Belläp geçsek, Aşgabadyň «Köpetdag» topary Türkmenistanyň futbol çempionatynyň geçen möwsüminde geçiren 14 duşuşygynda 21 utuk toplap, ýaryş tertibini dördünji hatarda tamamlamagy başardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň