Soňky habarlar

Arhiw

Ruslan Mingazow «Kitçiniň» AFK-nyň Çempionlar ligasy üçin beren sanawyna girizildi

13:2311.03.2022
0
4247

«Kitçi» futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasynyň duşuşyklarynda oýnajak futbolçylarynyň sanawyny paýlaşdy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň ýarym goragçysy Ruslan Mingazow hem bar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, ildeşimiz täze toparyndaky duşuşyklara 7-lik belgide gatnaşar.

«Kitçi» yklym ýaryşynda «J» toparça wekilçilik edýär. Bu toparçada häzir «Şanhaý Port» (Hytaý) we «Çiangraý Ýunaýted» (Tailand) toparlary hem bar. Dördünji wekil bolsa Ýaponiýanyň «Wissel Kobe» we Awstraliýanyň «Melburn Siti» toparlarynyň arasyndaky duşuşykdan soň belli bolar.

AFK Gündogar sebitiň «J» toparçasynyň duşuşyklarynyň merkezleşdirilen görnüşde 15-nji aprel ― 1-nji maý aralygynda Tailandda geçiriljekdigini habar beripdi.

Biziň ildeşimiz AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ilkinji duşuşygyny 16-njy aprelde «Çiangraý Ýunaýted» bilen geçirip biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň