Soňky habarlar

Arhiw

«EKSPO ― 2020»-niň çäklerinde Aşgabatda syýahatçylyk boýunça maslahat geçirildi

11:3611.03.2022
0
10918

Düýn Aşgabatda ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge bagyşlanyp, sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi. Maslahat Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guraldy. Foruma döwlet düzümleriniň wekilleri, işewürler, iri syýahatçylyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň bu ugurda ýöriteleşen bilermenleri gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Syýahatçylyk ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy we yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak we pugtalandyrmak, Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini wagyz etmek hem-de ilerletmek Medeniýet ministrliginiň ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde guran forumynyň baş maksady boldy.

Maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni hem-de häzirki döwrüň binagärlik ýadygärlikleri, halkymyzyň maddy däl medeni mirasy, şeýle hem döwletimiziň syýahatçylyk pudagy bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi.

Türkmen tarapyndan çykyş edenler ata Watanymyzyň daşary ýurt raýatlary üçin syýahatçylyk ulgamynda öz kuwwatyny ýyldan-ýyla artdyrýandygyny bellediler. Ýurdumyzda döredilen döwrebap syýahatçylyk düzümleri muňa şaýatlyk edýär.

Duşuşyga gatnaşyjylara ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikler boýunça geçýän syýahatçylyk ugurlary barada doly maglumat almaga mümkinçilik döredildi.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligindäki belent abraýynyň diňe bir onuň ykdysady we parahatçylyk döredijilik kuwwaty bilen däl, eýsem, halkymyzyň taryhy we medeni gymmatlyklary bilen hem şertlendirilendigi bellenildi. Türkmen tebigatynyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsi, özboluşly medeni mirasymyz, köp sanly arheologik ýadygärliklerimiz ýurdumyza dünýä syýahatçylygynda mynasyp orun eýelemäge mümkinçilik berdi.

Sanly ulgam arkaly goşulyşan daşary ýurtly gatnaşyjylar Türkmenistanyň medeni syýahatçylygynyň mümkinçilikleri boýunça öz garaýyşlaryny paýlaşdylar. Meşhur ahalteke bedewleri, wepaly alabaýlar, saz gurallarymyz we ajaýyp halylarymyz barada gürrüň edildi. Şeýle hem Aziýanyň merjeni hasaplanylýan Aşgabadyň syýahatçylyk taýdan özüne çekijiligi bellenildi.

Şeýlelikde, maslahatyň dowamynda syýahatçylygy ösdürmek boýunça dürli çemeleşmeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň taryhy-medeni, ekologiýa, sagaldyş syýahatçylygynyň ägirt uly mümkinçilikleri açylyp görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň