Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Söwda-senagat edarasynda geçirilen baýramçylyk dabarasyna gatnaşdy

23:0008.03.2022
0
2547

Şu gün Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününe, Garaşsyz Watanymyzyň şöhratly zenanlarynyň hormatyna bagyşlanan dabara geçirildi. Baýramçylyk çäresine ýurdumyzyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşigine aýdyldy.

Hormatly myhmanlaryň hatarynda köp çagaly eneler, zähmet weteranlary, önümçiligiň öňdebaryjylary hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň gelin-gyzlary, alymlar we medeniýet işgärleri, dürli pudaklaryň zähmetkeş zenanlary bar. Şeýle hem ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara düzümleriň zenanlary çagyryldy.

Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylara “Oguz han” köşkler toplumyndan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem sanly ulgam arkaly goşuldy.

Döwlet Baştutany baýramçylyk çäresine gatnaşyjylary mübärekläp, ýurdumyzda dabarasy uludan tutulyp, giňden bellenýän Halkara zenanlar güni mynasybetli, şu ajaýyp baýram güni ýurdumyzyň ähli zenanlaryny — mähriban enelerimizi, eziz uýalarymyzy we gyzlarymyzy gutlamaga şertiň dörändigine örän şatdygyny belledi.

Soňra dabara gatnaşyjylar çykyş etdiler. Olaryň çykyşlarynda häzirki zaman türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynda zenanlaryň eýeleýän ornunyň barha artýandygy barada aýdyldy.

«Ýadymda» diýen aýdymyň ýerine ýetirilmegi şu günki baýramçylyk dabarasynyň ajaýyp we täsirli pursadyna öwrüldi. Aýdymyň sözleri we sazy döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Bu eser dünýäniň ähli gözelligini özünde jemleýän päk söýgini wasp edýär.

Bahar öwüşginleri siňdirilip, baýramçylyk görnüşinde bezelen zalda emele gelen aýratyn mähirlilik pursatlary meşhur estrada artistleriniň çykyşlary bilen dowam etdi. Olar türkmen gelin-gyzlarynyň gözelligini, söýgini, baky juwanlygy hem-de gadymy türkmen topragynyň berekedini wasp edýän ajaýyp milli mukamlary we aýdymlary ýerine ýetirdiler. Görnükli medeniýet işgärleri hormatly ene-mamalarymyzyň, uýalarymyzyň we gyzlarymyzyň adyna mähirli gutlaglarynydyr hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň