29-30-njy martda Aşgabatda we Dubaýda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maýa goýum forumy geçiriler.
Daşary ýurt kompaniýalarynyň we öňdebaryjy maliýe düzümleriniň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ägirt uly gyzyklanmalaryny nazara alyp, bu forumy şol bir wagtyň özünde teleköpri arkaly Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dowam edýän EKSPO — 2020 Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli bölüminde hem guramak göz öňünde tutulýar.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maýa goýum forumy guramaçylar bolup, «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Turkmen Forum» we GaffneyCline britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.
OGT 2022 forumy Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna maýa goýumlaryny çekmek, türkmen döwlet edaralary bilen halkara nebitgaz kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek maksady bilen geçirilýär. Forumyň barşynda Türkmenistanyň nebitgaz bazarynyň jikme-jik seljermesi we pudagyň soňky taslamalary, täze mümkinçilikler hödürleniler, öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary tejribeleri bilen paýlaşarlar.
Forumyň barşynda nebitgaz toplumynyň ösüşiniň dünýä tendensiýalary, Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek, Hazar deňziniň türkmen kenaryna maýa goýumlaryny çekmek, gazhimiýa ulgamynyň geljegi, «ýaşyl» geçiş we beýleki meseleler maslahatlaşylar.
Foruma Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, şeýle hem halkara nebitgaz kompaniýalarynyň, iri halkara maliýe institutlarynyň ýokary wezipeli wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Däp bolan görnüş bilen birlikde, foruma Zoom Professional platformasy arkaly dünýäniň 70-den gowrak döwletinden wekil onlaýn gatnaşyp biler. Bu format Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýokary wezipeli ýolbaşçylary bilen gepleşikleri guramak üçin hem ulanylar.
Forum barada has giňişleýin maglumaty www.ogt-turkmenistan.com saýtyndan ýa-da info@turkmen-forum.com elektron poçtasyndan alyp bolar..