Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar gadymy Stownhenjiň syryny ýüze çykardylar

14:4003.03.2022
0
4657

Gadymy Stownhenjiň nähili maksat bilen gurlandygy baradaky sowal alymlary uzak wagtdan bäri gyzyklandyryp geldi. Soňra bu daşlaryň haýsy hasaba laýyklykda işleýändigi bilinmeýän gadymy senenamadygy ýüze çykaryldy.

Soňky geçirilen barlaglara görä, üç dürli formada ýerleşýän Stownhenj daşlarynyň senenama ýylyny aňladýandygy mälim edildi. Has takygy, 30 sany sarsen uly daş tegelegi emele getirip, aýyň günlerini görkezýär, trilitonda ýygnanan ýene 5 daş hem dogry hasaplamak üçin 360 güne (30 x 12) aýratyn goşulan günleri alamatlandyrýar. Ferra.ru saýtynda habar berlişi ýaly, beýleki galan degişli dört daş bolsa her dört ýyldan bir gezek gelýän goşmaça güni aňlatmaga ýardam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň