Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygyny doglan güni bilen gutlady

16:0203.03.2022
0
5093

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine berk jan saglyk, uzak ömür we bagt, Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň