Top.Mail.Ru

Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy işleriniň gerimini giňeldýär

22:1701.03.2022
0
7144

― Çagalaryň bähbitlerini iň gowy derejede üpjün etmek, olaryň erkin we deň ösmekleri, hukuklaryny durmuşa geçirmek mümkinçiliklerini giňeltmek üçin şertleri döretmek maksady bilen we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan, dünýä tejribesinden ugur alyp, etraplaryň we şäherleriň häkimlikleriniň kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň işleri boýunça toparlarynyň işini kämilleşdirmek babatda hem zerur çäreleri görmeli ― diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň deputatlary bilen bolan duşuşykda nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Adalat ministrligine degişli edaralaryň gatnaşmaklarynda zerur kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamagy utgaşdyrmak işini alyp barmagy tabşyrmagyň zerurdygyny belledi ― diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen bu tagallalar, ilkinji nobatda, ata Watanymyzyň ykbaly, mynasyp we ýagty geljegi üçin biziň çekýän ýokary jogapkärçiligimizden gelip çykýar. Ösüp gelýän nesilleri, howandarlyga mätäç çagalary durmuş taýdan goldamak, olaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek, bagtyýar ýaşamaklary üçin amatly şertleri döretmek we olarda ýokary ynsanperwer häsiýetleri kemala getirmek maksady bilen, biz Haýyr-sahawat gaznasyny döretdik. Gazna öz işini Türkmenistanyň enelik we çagalyk hakyndaky hereket edýän kanunyna, beýleki hukuk namalaryna berk laýyklykda amala aşyrýar.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezindäki 150 orunlyk çagalar bagyny, 120 orunlyk ýatylýan binany we sagaldyş merkezini öz içine alýan Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi gaznanyň howandarlygynda işlär. Tutuş toplumda terbiýelenjek howandarlyga mätäç çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin ähli amatly şertler dörediler.

Häzirki döwürde bu ynsanperwer däpler çagalaryň kanuny bähbitlerini üpjün etmegiň we goramagyň hukuk taýdan kepillendirmeler toplumyny öz içine alýar. Şeýle hem çagany jemgyýetde öz ornuny tapmaga hem-de durmuşda özbaşdak ýaşamaga taýýarlamaga gönükdirilen ykdysady we beýleki anyk çäreleri göz öňünde tutýar.

Gazna döredilen gününden başlap, howandarlyga mätäç çagalara jemgyýetiň hem-de döwletiň durmuşyna doly derejede we adalatly gatnaşmaga hukugy üpjün edip gelýär. Munuň özi olara lukmançylyk kömegini bermegi we saglygyny dikeltmegi hem-de derman serişdeleri bilen üpjün etmäge gönükdirilen maddy kömegi hem öz içine alýar. Umumybilim berýän we ýöriteleşdirilen mekdeplerde okamagy, ýörite sport hem-de beýleki zerur serişdeler bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýar diýip, döwlet Baştutany belledi.

Türkmen jemgyýetinde ene-atasyndan galan çagalar ýalňyz goýulmaýar. Dürli sebäbe görä ata-eneden mahrum bolan çaga barada, ilkinji nobatda, onuň ýakyn garyndaşlary, eger olar ýok bolsa, daşkyrak garyndaşlary alada edýär. Hiç hili garyndaşy bolmadyk çaganyň bolsa, ýaşulularyň maslahaty bilen oba arçyny aladasyny edip, ony maşgalalaryň birine berkidýär. Şeýlelikde, perzentlige alan maşgala şol çagany özüniňki bilen deň görýär.

Şular ýaly ýeňil bolmadyk soraglary, şol sanda ogullyga ýa-da gyzlyga almak bilen bagly soraglary çözmek üçin gaznanyň ýanynda Ýaşulular Geňeşi işleýär diýip, milletiň Lideri sözüni dowam etdi.

Geňeşiň esasy wezipesi Düzgünnamada beýan edilen wezipeleri durmuşa geçirmekde gazna hemmetaraplaýyn ýardam bermekden, howandarlyga mätäç çagalara kömek etmekden ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň