Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «C» derejäni almak üçin tälimçilik okuwyna badalga berildi

12:4801.03.2022
0
3634

Aşgabat şäherinde «C» derejäni almak ugrunda tälimçilik okuwyna badalga berildi. Tälimçilik okuwy 2022-nji ýylyň 1—14-nji marty aralygynda dowam eder.

TFF-niň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, tälimçilik okuwynyň gözükdirijisi hökmünde Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, AFK-nyň hem-de Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň gözükdirijisi Röwşen Muhadow, onuň kömekçileri hökmünde Maksat Seýitgulyýew bilen Begenç Garaýew çykyş ederler.

Tälimçilik okuwy nazaryýetdir tejribeçilik sapaklaryny öz içine alar.

Okuw-ýygnanyşygynyň ahyrynda geçiriljek synaglarynda üstünlikli çykyş edenlere çagalar toparlaryny türgenleşdirmäge hukuk berýän «C» derejeli sertifikatlar gowşurylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň